loading

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşi we welaýat Polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň bilelikde guramaklarynda Balkanabat şäherindäki Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýünde «Sport — sagdynlyk, ruhubelentlik» atly çäre geçirildi.

Çärede sporty we bedenterbiýäni ösdürmekde, Watanymyzyň daýanjy bolan ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly adamlar bolup ýetişmeklerini, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, ýaramaz endiklerden daşda bolmaklaryny gazanmakda amala aşyrylýan işler barada gürrüň edildi.

Soňra bu ýerde hünär öwrenýän ýetginjekler öz aralarynda toparlara bölünip,  welosport we motosport boýunça ýaryşdylar. Dürli päsgelçiliklerden geçmegi başaran ýetginjekler sportuň bu görnüşlerinde kämilleşýändiklerini görkezdiler.

Habarlar