loading

Balkanabat şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde Balkan welaýat häkimliginiň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň guramaklarynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy mynasybetli «Garaşsyzlyk bagtyň dünýä ýaň edip, ol şirwan perdäňe galsana, bagşy» ady bilen geçirilen çäräniň dowamynda welaýatymyzyň meşhur bagşy-sazandalarynyň, sungat ussatlarynyň şanly Garaşsyzlygymyzy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ösüşlere beslenýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny, eziz Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ägirt uly işleri, dost-doganlygy wasp edip ýerine ýetirilen joşgunly çykyşlar tomaşaçylaryň göwün guşuny ganatlandyryp, olara ruhy lezzet paýlady.   Milli muzeý gymmatlyklaryndan, gelin-gyzlarymyzyň çeper ellerinden dörän  nepis halylardan, el işlerinden, amaly-haşam sungat eserlerinden guralan sergi köpleriň ünsüni özünde egledi.

Habarlar