loading

Gahryman Arkadagymyzyň bereketli Balkan topragyna bolan mübärek iş sapary sebitiň ýaşaýjylarynyň durmuşyna bagt bolup doldy. Bu taryhy gün Gumdag şäheriniň ýaşaýjylary Tuwakgeldi we Maýa Muhammedowlaryň maşgala ojagynda aýratyn ýatda galyjy gün boldy, olaryň ekiz perzentleri dünýä indi. Maşgalada ilkinji perzendiň, onda-da ekiz perzendiň dünýä inmegi ene-ata üçin uly bagt! Bu pursadyň agzybir maşgalamyzda döreden şatlyk-begenjini nädip beýan etjegimi bilemok. Ekiz perzendimiz ojagymyza bagt getirdi diýesim gelýär, sebäbi olaryň dünýä inen pursady mähriban Arkadagymyzyň welaýatymyza bolan iş saparyna gabatlaşdy. Şonuň üçinem Gahryman Prezidentimiziň bu sapary biziň mukaddes ojagymyza goşa şatlyk bolup doldy. Biz eziz Arkadagymyzyň Balkanabat şäherinde gurlan «Türkmeniň ak öýi» binasyna gelip, ony açyp bermeginiň hormatyna perzentlerimize Şageldi we Agöýli diýip at goýduk. Geljegimiz bolan çagalar barada edýän atalyk aladalary üçin hormatly Prezidentimize ene ýüregimden alkyş aýdýaryn — diýip, ekiz perzendi dünýä inderen Maýa Muhammedowa ýürek buýsanjyny beýan etdi. Ekizlere uzak ýaş arzuw edilip, bagtly enä hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Habarlar