loading

Tomus paslynyň gelmegi bilen, bagtyýar çagalar ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýarlar.  Serdar şäheriniň «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde hem bagtyýar körpeler wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Bu ýerde olaryň oňat dynç almaklary, saglygyny berkitmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilipdir. Merkezde kompýuter otagy, kitaphana, kinoteatr, oýunlar otagy döwrebap tehnologiýalar bilen ornaşdyrylypdyr. Bu ýerde ýaş nesilleriň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary, kitaphanada gyzykly eserleri okamaklary üçin ähli şertler bar.

«Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi tebigatyň gözel goýnunda — dag eteginde ýerleşýär. Onuň daş-töweregi bagy-bossanlyga bürenipdir. Ajaýyp dag howasy, onuň haýwanat we ösümlik dünýäsi dynç alşy oňat guramaga ýardam berýär. Çagalar tebigata guralýan gezelençlere uly höwes bilen gatnaşýarlar.

Habarlar