loading

Balkan welaýat döwlet drama teatrynda welaýat medeniýet müdirliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda welaýatyň halk teatrlarynyň we gurjak halk teatrlarynyň arasynda «Sahnada zamananyň keşbi» atly bäsleşik geçirildi. Maksady teatryň döredijilik işini has-da kämilleşdirmekden we sahnalaşdyrylýan oýunlaryň türkmen halkynyň milli ruhuna mahsus döwrebap döredilmegini gazanmakdan, şeýle-de döredijilik işgärlerini höweslendirmekden, ýaş zehinleri ýüze çykarmakdan ybarat bolan bäsleşikde artistler asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçip, kämilleşip gelýän milli medeniýetimizi, taryhymyzy, däp-dessurlarymyzy wasp edýän sahna oýunlaryny ýerine ýetirdiler. Ýaş höwesjeňler ynanylan keşbi janlandyrmakda, türkmen halkyna mahsus bolan häsiýetleri açyp görkezmekde yhlas-başarnyklaryny görkezdiler. Ýeňijilere bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Habarlar