loading

Balkan welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi, “Türkmenistan” Ýaşlar Bedenterbiýe sport guramasynyň Balkan welaýat bölümi, Balkan welaýat Türkmenistanyň gyzylýarymaý Milli jemgyýetiniň Balkan welaýat bölümi, Balkan welaýatynyň Baş bilim müdirligi, TMÝG-nyň Türkmennebit döwlet konserniň şahamçasy bilen bilelikde gurnamaklarynda Balkanabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirlen 23-nji orta mekdebiniň mežlisler zalynda mekdebiň okuwçylarynyň  arasynda „Sagdynlyk bagtyýarlykdyr“ atly bilen  wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Maslahatda çykyş edenler 2021-nji ýylyň “Türkmenistan- parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi şeýle-de Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynda ýurdumyzyň ýeten ajaýyp sepgitleri, “Türkmenistanda ýaşlar syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” ähmiýeti,  dogry we kadaly iýmitlenmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan  kadalary, Ýaşlaryň zyýanly daşda durmaklygy, zyýanly endikleriň saglyga ýetirýän zyýany, sport bilen meşgulanmagyň adam saglygyna edýän oňyn täsiri, Ýaşlaryň arasynda  meýletin, birek-birege  kömek bermek we ýoldaşlaryňy goldamak ýaly duýgulary ýaly ata-babalarymyzydan gelýän däp-dessurlarymyza sarpa goýmak barada giňişleýin gürrüň etdiler. Maslahatyň ahyrynda çykyş edenler türkmen sportynyň hak howandary mähriban Arkadagymyzyň  janynyň sag, başynyň  dik, il-ýurt bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowaç almagyny tüs ýürekden arzuw etdiler.

Habarlar