loading

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaraly çäreler Balkan welaýatynda ýokary derejede guramaçylykly geçirildi. Welaýat derejesindäki çäreler 3-nji iýunda ir säherde Balkanabat şäherindäki köpugurly sport toplumynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandy.

Bu ýerde sungat ussatlarynyň şirin aýdym-sazlarynda, joşgunly tanslarynda Ýer ýüzünde sport döwleti diýlip ykrar edilen berkarar Watanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen meşhurlygy barha artýan türkmen sportunyň, şu ýyl taryhy 30 ýyllygy bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, dost-doganlygyň waspy beýanyny tapdy. Türgenleriň sportuň birnäçe görnüşi boýunça ýaýbaňlandyran görkezme çykyşlary hem çärä gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy.

Edara-kärhanalaryň, okuw mekdepleriniň binalarynyň öňünde bedenterbiýe maşklary ýerine ýetirildi. Soňra köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berildi. Edara-kärhanalaryň, guramalaryň işgärlerinden, talyp ýaşlardan ybarat welosipedçiler şäheriň iki tarapyny döwrebap binalar bezeýän köçeleri boýunça guralan köpçülikleýin ýörişe ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar. Ýoluň ugrunda halkara baýrama bagyşlanan medeni-sport çäreleri guraldy.

Habarlar