loading

Bütindünýä saglyk gününde welaýatymyzyň çar künjegi baýramçylyk ruhuna beslendi. Şol gün welaýat merkezi Balkanabat şäherindäki 10 müň tomaşaçy orunlyk stadionly köpugurly sport toplumynyň öňündäki meýdançada daň säherden ýaňlanyp başlan aýdym-sazyň şirin owazy uzaklara ýaň saldy. Türgenleriň sportuň birnäçe görnüşi boýunça ýerine ýetiren görkezme çykyşlary baýramçylyk çäresiniň täsirliligini artdyrdy. Bu ýerde welaýatymyzyň adygan türgenleriniň ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen ýaryşlarda gazanan sylaglarynyň sergisi hem guralyp, ol türkmen türgenleriniň Watanymyzyň sport abraýyny mynasyp goraýandyklarynyň aýdyň nyşany boldy. Bütindünýä saglyk gününiň iň esasy çäresi köpçülikleýin welosipedli ýöriş bolup, oňa edara-kärhanalaryň, guramalaryň dürli kärdäki, dürli ýaşdaky işgärleri, bagtyýar talyp ýaşlar gatnaşdylar. Şol gün ir säherden köpçülikleýin sport maşklary ýerine ýetirildi, dürli medeni çäreler, sport bäsleşikleri welaýatymyzyň ähli etrap-şäherlerinde biri-birine ulaşdy.

Habarlar