loading

Balkan welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi, Balkan  welaýat polisiýa müdirligi, Balkanabat şäher polisiýa bölümi, “Türkmenistan” Ýaşlar Bedenterbiýe sport guramasynyň Balkan welaýat bölümi, Türkmenistanyň Gyzylýarymaý Milli jemgyýetiniň Balkan welaýat bölümi, Balkan welaýatynyň Baş bilim müdirligi  bilen bilelikde gurnamaklarynda Balkanabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji mekdebinde mekdep okuwçylaryň  arasynda „Sagdyn  ýaşlar watanymyzyň gelejegi” atly bilen  wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Maslahatda çykyş edenler “Türkmenistanda ýaşlar syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” ähmiýeti, talyp ýaşlaryň ýollarda özlerini howpsuz alyp barmaklary, ýol hereketiniň kadalaryndaky talaplary hukuk-kadalarynyň düzgünleri bozulan ýagdaýyndaky jogapkärçilikler we ýol hereketine degişli beýleki kadalaşdyrjy namalary, zyýanly endikleriň adam saglygyna ýetirýän zyýany, mekdep okuwçylara jenaýatçylyk hereketlerden daşda durmaga,  özleriniň boş wagtlaryny sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga, ata-babalarymyzydan gelýän däp-dessurlarymyza sarpa goýmak barada  giňişleýin gürrüň etdiler. Maslahatyň ahyrynda çykyş edenler türkmen sportynyň hak howandary mähriban Arkadagymyzyň  janynyň sag, başynyň  dik, il-ýurt bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowaç almagyny tüs ýürekden arzuw etdiler.

Habarlar