loading

«Türkmennebit» döwlet konserniniň kärdeşler arkalaşygynyň komitetiniň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasy bilen bilelikde guramagynda Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde «Sagdyn, ruhubelent nesil röwşen geljegimizdir» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Onda edilen çykyşlarda halkymyzyň iň gymmatly baýlygy bolan saglygyny hemmetaraplaýyn goramaga hem-de pugtalandyrmaga aýratyn üns berilýändigi, saglygy goraýyş ulgamyna dünýäniň iň kämil tehnologiýalarynyň ornaşdyrylýandygy buýsanç bilen bellenildi. Ýaş nesliň saglygyny goramakda, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegini gazanmakda, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmakda, ömür dowamlylygyny uzaltmakda örän uly işleriň durmuşa geçirilýändigi nygtaldy.

Habarlar