loading

Balkan welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň  Balkanabat şäherindäki köpugurly sport toplumynda  «Sagdyn maşgala — sagdyn nesil» ady bilen maşgala toparlarynyň arasynda bilelikde guran sport bäsleşigi diýseň gyzykly hem çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşan maşgalalaryň agzalary özleriniň başarnyklaryny görkezdiler.

          «Türkmennebit» döwlet konseriniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Nebitdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň baş energetigi Oraz Gurbanowyň maşgala agzalaryndan düzülen «Bagtyýarlyk» topary bäsleşikde birinji orny eýeledi. Ikinji orna Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy Idris Öwezowyň maşgala agzalaryndan ybarat bolan «Berkararlyk» topary mynasyp boldy. Bäsleşikde üstünlikli çykyş eden maşgalalaryň agzalaryna Hormat hatlary we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Habarlar