loading

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Milli Liderimiz tarapyndan durmuşa ornaşdyrylýan sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek, ruhy we fiziki taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek maksady bilen baýramçylyk duşuşygyny geçirmek we ýaş meýletinçi lukmanlary sylaglamak şeýle hem, Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynda beýan edilen ýaşlaryň arasynda meýletinçileriň gatnaşmagynda adatdan daşary ýagdaýlarda we betbagtçylyklarda özüňi alyp barmagyň düzgünleri boýunça maglumat beriş we tälim-türgenleşik okuwlaryny, wagyz-nesihat işlerini geçirmek bilen TMÝG-niň Balkan  welaýat Geňeşi, Balkan welayat Polisýa müdirligi, welaýat Gyzyl  Ýarymaý Milli jemgyýeti, welaýat Baş bilim müdirligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat Geňeşi bilen bilelikde Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda talyp ýaşlaryň arasynda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň sagdyn durmuş  ýörelgelerine eýermeklerini, möwsümleýin keselleriň öňüni almakda arassaçylyk işlerini alyp barmagyň gerimini giňeltmek maksady bilen “Sagdyn jemgyýet – bagtyýar durmuşyň kepili” atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Habarlar