loading

Balkan welaýatynyň  Balkanabat Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda, TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşi, TSTP-niň Balkan welaýat komiteti,  TDP-niň Balkan welaýat komiteti, TKA-niň Balkan welaýat birleşigi, TGÝMJ-niň Balkan welaýat bölümi, TAP-niň Balkan welaýat komiteti bilen bilelikde gurnamaklarynda talyp ýaşlaryň arasynda  “Sagdyn durmuş ýörelgesi  Arkadagyň göreldesi ” atly  maslahat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy gün-günden ösýär, özgerýär, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleri rowaç alýar. Döwlet Baştutanymyz sagdyn durmuş ýörelgeleriniň tarapdary bolmak bilen, halkymyzyň saglygyny goramakda, ösüp gelýän ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly, bilimli, edep-terbiýeli, hünärli adamlar bolup ýetişmeklerine hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini ösdürmek meselesine aýratyn üns berýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa giňden ornaşdyrmagyň we her bir raýatyň bu asylly ýörelgä eýermeginiň, türkmen sportynyň abraýyny has-da belende götermegiň döwrüdir.   Halkymyzyň eşretli we asuda, sagdyn durmuşda ýaşamagy üçin giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgesiniň esasy maksady, mähriban Watanymyzda  her bir raýatyň halal zähmet çekmeginiň esasynda bagtly, eşretli, sagdyn durmuşda ýaşamagy gazanmakdyr. Ýurdumyzda Sporta we sagdyn durmuş ýörelgesine bagyşlanan köpçülikleýin çäreler berk bedenli ýaşlary kemala getirmekden ybaratdyr. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň çar künjeginde gurlup, ulanylmaga berilýän saglygy goraýyş, sagaldyş we bedenterbiýe-sport desgalarynyň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. Welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan geçirilýän köpçülikleýin jemgyýetçilik-syýasy çäreler ösüp gelýän ýaş nesilleriň aňynda halka, Watana, hormatly Prezidentimize bolan söýgini ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Çäräniň soňunda şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, ýurdumyzyň abadançylygynyň we halkymyzyň bagtyýarlygynyň hatyrasyna hem-de  il-ýurt bähbitli alyp barýan ägit uly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Habarlar