loading

Her  bir  sagdyn  adama  ýaşyna,  jynsyna,  çekýän  zähmetine  we geçiren  keseline  garamazdan  sagaldyş  maşklaryny  ýerine  ýetirmek maslahat  berilýär.  Gündeki  fiziki  ýüklenmeler  saglygy gowulandyrýar, myşsalaryň  ösmegine  ýardam  edýär.

Sagaldyş  maşklary  ýerine  ýetirilende  nerw  impulslary  bogunlaryň we  myşsalaryň  hereketi  netijesinde  merkezi  nerw  ulgamyna geçip, tutuş  bedeni  işjeň  ýagdaýa  getirýär.

Sagaldyş  maşklarynyň  esasy  maksady  günüň  dowamynda  adam özüni   işjeň   ýagdaýda   saklamak   üçin  maşklary  ýerine  ýetirip, bedeni   dürli   kesellerden   goramak,  nerw  ulgamyny   berkitmekden ybaratdyr.

Habarlar