loading

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanda gämi gurluşyk ulgamy boýunça ilkinji ädim bolup, milli ykdysadyýetimiziň we ýurdumyzyň deňiz-derýa ulaglary pudagynyň ösmegine uly goşant goşýar. Zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 10 müň tonna polady işläp, halkara ölçeglerine gabat gelýän häzirki zaman tehnologik enjamlaryň we awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň peýdalanylmagy bilen, 4-6 sany gämini gurmaga niýetlenendir. Mundan başga-da, bu ýerde ýylda 2 müň tonna polat işlemek arkaly ortaça 20-30 sany kiçi we orta göwrümli gämileriň abatlaýyş we bejeriş işlerini ýerine ýetirmäge doly mümkinçilik bar. «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody dürli görnüşli gämileri, nebit tankerlerini, deňiz platformalaryny, tirkeg gämilerini, katerleri, şeýle hem halk hojalygynyň senagat pudaklary üçin demirden dürli gurluşlary, taýýar önümleri, enjamlary, gurallary ýasamak babatda ähli zerurlyklar bilen üpjün edilendir. Zawodda gämi gurluşygy üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary boýunça we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatynda degişli işler alnyp barylýar.

Habarlar