loading

Saglyk

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda saglygy goraýyş ulgamy hem uly ösüşlere beslenýär. Muňa Balkan welaýatynda giň gerimde alnyp barylýan işleriň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar.

 

Balkan welaýat köpugurly hassahanasy 290 ýatymlaýyn orna niýetlenendir.

 

Hassahanada kabul ediş, rentgen, oftalmologiýa, anesteziologiýa we reanimasiýa, trawmatologiýa, hirurgiýa, kardiologiýa, terapiýa, newrologiýa, keseli anyklaýyş we barlaghana, ýokanç keselleri, toksikologiýa we gemodializ bölümleri bolup, olarda näsaglar gaýragoýulmasyz we meýilleşdirilen ýagdaýlarda kabul edilýär.

 

Hassahanada saglygy goraýşyň elektron ulgamy doly ornaşdyrylandyr.

 

Balkanabat şäherinde 2014-nji ýylda ulanylmaga berlen 2 gatly, 30 orunlyk Balkan «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkezi dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze enjamlar bilen üpjün edilip, gije–gündiziň dowamynda ilata  tiz we gaýragoýulmasyz kömek bermek üçin nýetlenendir.

 

Merkez kabul ediş bölüminden, 30 orunlyk gaýragoýulmasyz hirurgiýa bölüminden, 6 orunlyk anesteziologiýa we reanimasiýa bölüminden we                 «Tiz kömek» bölüminden ybaratdyr.

 

Balkanabat şäherindäki  durky täzelenen 1-nji Saglyk  öýüniň  2017-nji ýylyň   10-nji dekabrynda  açylyş dabarasy boldy. Ol 750  gatnawa  niýetlenip, 2 çalşykda işleýar. Onuň häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk    enjamlar bilen üpjün edilen   kabul ediş, anyklaýyş, gündizki  ýatymlaýyn bölümi we maslahat beriş bölimleri bolup, dürli görnüşli barlaglar amala aşyrylýar. Şeýle hem Saglyk öýinde hirurg, trawmatolog, gulak, burun, bokurdak lukmany, terapewt, newropatolog, stomatolog, göz, akuşer-ginekolog, ýetginjek, immunolog, kardiolog lukmanlary halkymyza  hyzmat  edýärler.

 

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Balkan welaýat Saglygy goraýyş we anyklaýyş merkezi 2005-nji ýylyň  dekabr  aýynda açylyp, ulanylmaga berildi.  Ol 5 gatdan ybarat bolup, 1-nji gatynda şöhleler bilen anyklaýyş bölümi, sorag-jogap gullugy we dermanhana, 2-nji gatynda guramaçylyk we barlaghana bölümi, 3-nji, 4-nji gatlarynda anyklaýyş we maslahat beriş hem-de funksional anyklaýyş we endoskopiýa bölümleri, 5-nji gatda gündizki ýatymlaýyn bölümi ýerleşýär.