loading

Oba hojalyk

     Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolan oba hojalyk pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerine laýyklykda Balkan welaýatynda hem uly işler alnyp barylýar.

Welaýat boýunça 50 000 gektara bugdaý ekilip, 80 000 tonna hasyl almak meýilleşdirilýär. Şeýle hem 10 000 gektar meýdana gowaça ekip, 10 000 tonna hasyl almak meýilleşdirilýär. 3 müň gektar gant şugundyry ekilip, 24 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär.

Welaýatda 2020-nji ýylda 520 gektar ýeralma ekilip 7280 tonna, 390 gektar pomidor ekilip 9750 tonna, 30 gektar hyýar ekilip 600 tonna, 570 gektar sogan ekilip 14250 tonna, 130 gektar kelem ekilip 3250 tonna, 320 gektar käşir ekilip 5760 tonna, 1500 gektar bakja ekinlerini ekilip 30 000 tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem welaýatyň etraplary boýunça 1380 gektar arpa, 200 gektar mekgejöwen, 1520 gektar ýorunja ekinlerini ekmeklik meýilleşdirilýär.

Welaýatda maldarçylyk pudagyny ösdürmekde aýratyn üns berlip, häzirki wagtda gara mallaryň baş sany 81 512, dowarlaryň sany 2 866 420, düýeleriň sany 42 372, guşlaryň sany 1 516 401-e barabar boldy.

Welaýatda gök-bakja, miwe, ot-iýmlik ekinlerini, Magtymguly, Etrek etraplarynda subtropik önümler bolan nar, zeýtun ösdürip ýetişdirmekde uly işler alnyp barylýar, täze ýyladyşhanalar gurulýar, bu bolsa halkymyzy ýylyň islendik paslynda ter gök önümler bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Welaýatda mallary talabalaýyk idetmek, olaryň baş sanyny we maldarçylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça işler hem üstünlikli dowam etdirilýär.

Welaýatda ornitologik goraghana 1932-nji ýylda işläp başlady hem-de biziň sebitlerimize gyşlamak üçin uçup gelýän dürli görnüşli, köp sanly guşlary goramak wezipesini ýerine ýetirdi. Garaşsyzlygymyzy almagymyz bilen, 1994-nji ýylda ol Hazar döwlet tebigy goraghanasyna öwrüldi.

Hazar döwlet tebigy goraghanasy öz çäklerinde biologik köpdürlüligi gorap saklamak, köpeltmek boýunça möhüm işleri amala aşyrýar. Goraghana üç bölümi: Hazar, Esenguly bölümlerini, Ogurjaly çäkli goraghanasyny özüne birleşdirýär.

Goraghanada ösümlikleriň jemi 416-synyň we kömelekleriň hem birnäçe görnüşiniň duş gelýändigi mälimdir. Şolardan 8-si seýrek duş gelýän ösümlikler hökmünde Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 3-nji neşiriniň sanawyna girizilendir. Şeýle-de goraghanada guşlaryň 300-den gowrak, balyklaryň 61, süýdemdirijileriň 46, süýrenjileriň 39 görnüşi hasaba alnandyr. Şonuň ýaly-da goraghananyň suw giňişliklerinde Türklmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen Hazar ýylansypat balygy, bekre, azatmahy ak azatmahy duş gelýär.

Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň “Tebigat” muzeýi şäheriň gelim-gidimli ýerleriň biridir. Muzeýiň bezeginiň örän owadandygy, guşlaryň we ýabany haýwanlaryň iňňän ussatlyk bilen ýasalan gäpleri, esbaplaryň ýerleşdirilişiniň ýabany-tebigy şertlere juda meňzeşdigi görenleri haýran galdyrýar hem-de ýaşyna garamazdan ähli  adamlarda tebigata çäksiz söýgi döredýär.

Magtymguly etrabynda ýerleşýän Sünt-Hasar dag döwlet tebigy goraghanasy 1978-nji ýylda döredilýär. Goraghananyň umumy tutýan meýdany 30261 gektardyr.

Günorta — Günbatar Köpetdagyň ösümlik dünýäsi görnüşleriniň baýlygy, endemikleriň (başga hiç ýerde gabat gelmeýän ösümlikleriň) köplügi bilen tapawutlanýar. Bu ýerde 1300-den gowrak görnüşler ýüze çykarylypdyr we şolardan 115 görnüş Köpetdagyň endemikleridir. Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 3-nji neşirine girizilen 115 görnüşli ösümliklerden 34 görnüşine goraghanada duş gelinýär. Goraghananyň baý haýwanat dünýäsi hem  bardyr. Bu ýerde mör-möjekleriň 2400 töweregi görnüşi duşýar. Sumbar, Çendir derýalarynda we sebitiň köp sanly dag çeşmelerinde balyklaryň 6 görnüşi gabat gelýär. Goraghanada guşlaryň 160-dan gowrak görnüşi duşýar. Ownuk süýdemdirijilerden ýarganatlaryň 20 görnüşi, kirpileriň 2 görnüşi, ýer köwüjileriň 4 görnüşi, gemrijileriň 23 görnüşi gabat gelýär.