loading

Medeniýet

Hormatly  Prezidentimiziň gol çeken Karary esasynda Balkanabat şäherinde umumy meýdany 8 100 inedördül metr bolan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň binasy gurlup, ol mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda ulanylmaga berildi.

 

Muzeýde galkynyş, tebigat, şekillendiriş sungaty, taryh, etnografiýa bölümleri we wagtlaýyn sergiler zaly bar. 2014-nji ýylda gurlup, ulanylmaga berlen Balkan welaýat kitaphanasy Balkanabat şäheriniň şähergurluşyk we binagärlik ulgamynda ajaýyp hem-de gaýtalanmajak nusga hökmünde tapawutlanýar.

 

Onda 1 million neşir birligini saklamak hem-de birbada 360 okyja hyzmat etmek üçin ähli mümkinçilikler döredilen, kitaphananyň ululy-kiçili 6 sany okalga zaly bar. Kitaphananyň ýerzemin gatynda neşir önümlerini aýawly hem-de maksada laýyk saklamak üçin niýetlenilen, häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän uly gaznahana bar. Ol ýerde häzirki zaman tehniki enjamlar oturdylan rejeleýiş we dikeldiş bölümi üçin niýetlenilen aýratyn iş otaglary hem ýerleşendir.