loading

Balkan welaýaty

Balkan welaýaty Türkmenistanyň günbatarynda ýerleşip, demirgazykda Gazagystan we Özbegistan, demirgazyk-gündogarda Daşoguz welaýaty, gündogarda Ahal welaýaty, günortada Eýran Yslam Respublikasy bilen araçäkleşýär.

 

Tutýan meýdany boýunça Balkan ýurdumyzyň iň uly welaýatydyr. Onuň meýdany 139 müň inedördül kilometre ýa-da Türkmenistanyň tutuş meýdanynyň 28,4 göterimine barabardyr. Balkanyň meýdanynyň köp bölegini Hazaryň kenarýakasy boýunça gündogardan günbatara tarap biraz eňňitlikde Günbatar-Türkmen pesligi eýeleýär. Onuň belentlikleri Köpetdagyň eteginde deňiz derejesinden 100—200 metr beýik bolup, Hazaryň kenarýakasynda deňiz derejesinden 28 metr pesdir.

 

Ýangyç we mineral serişdelerine örän baý bolan welaýatyň ýer üstüniň gurluşy Köpetdagyň günbatar şahalaryndan, Uly we Kiçi Balkandan, Üstýurt oýlaryndan, Etrek, Sumbar we Çendir derýalarynyň jülgelerinden, Türkmenbaşy tekizliginden, Günbatar Köpetdagyň etegindäki düzlüklerinden, Maşat-Misserian, Gyzylgaýa, Tüwergyr düzlüklerinden, Gyzylgum, Jarjagum, Oktumgum, Çilmämmetgum çägeliklerinden we şorluklardan ybaratdyr.

 

Balkan welaýatynyň ilaty maldarçylyk hem-de balyk tutmak bilen meşgullanan türkmenleriň nesilleridir. Ýurdumyzyň senagatynyň taryhy hem hut Balkandan başlandy diýsek, diňe hakykaty aýtdygymyz bolar. Bu ýerde nebitiň möçberleýin çykarylyşy XIX asyryň ýetmişinji ýyllaryndan başlanyp, 1900-nji ýylda Çeleken ýarym adasynda daşary ýurt kompaniýalarynyň we firmalarynyň ýigrimiden gowragy işläpdir. Şol kompaniýalaryň iň irisi bolsa dünýäde iň abraýly baýragy esaslandyran doganlar Nobellere degişli bolupdyr.

 

Balkan adamzat siwilizasiýasynyň ilkinji ädimleri bilen gyzyklanýanlaryň hem ünsüni elmydama özüne çekip gelendir. Hut şu welaýatda, Köpetdagyň demirgazyk şahasynyň ugrunda biziň eýýamymyzdan öňki XII-VII müňýyllyklara degişli neolit we mezolit döwrüniň adamlarynyň mesgeni tapylandyr.

 

Ine, şeýle baý taryhy hem-de tebigy aýratynlyklary bolan welaýatda—gadymy döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň kerwenleriniň geçen mekanynda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirilen özgertmeler asyrlara barabardyr.