loading

Balkan welaýaty

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ähli bilim-terbiýeçilik edaralarynda ýaş nesle berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine laýyklykda ýola goýmak, döwrebap okuw kitaplaryny we gollanmalaryny neşir etmek, iň täze tehnologiýalary, okuw-tehniki enjamlary ylym-bilim ulgamlaryna ornaşdyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli ýerlerinde häzirki zaman bilim edaralary gurulýar. Balkan welaýatynda döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, ýaş nesliň kämil bilim-terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilen täze mekdepleriň 31 sanysy we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 37 sanysy gurlup, ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda  welaýat boýunça 162 sany umumybilim berýän orta mekdep, 167 sany mekdebe çenli çagalar edaralary, 1 sany kömekçi mekdep internaty, 1 sany welaýat saglygy dikeldiş  okuw-terbiýeçilik toplumy, 1 sany çagalyk öýi, 11 sany çagalar we ýetginjekler döredijilik öýi hereket edýär.

 

Welaýatyň umumybilim berýän orta mekdeplerinden 15 sanysy ýöriteleşdirilen mekdep bolup, bu mekdeplerde okuwçylara okuw  dersleri boýunça berilmeli bilimiň, amaly başarnyklaryň we endikleriň mazmuny çuňlaşdyrylyp öwredilýär.  Ýöriteleşdirilen 15 sany mekdepden 10 sanysy daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen bolup, bu mekdeplerde okuwçylara iňlis, nemes, fransuz, hytaý, ýapon, arap, pars dilleri öwredilýär.

 

Mekdep okuwçylaryna kompýuter tilsimatyny giňişleýin öwretmek, bu ugurdan okuwçylaryň düşünjesini giňeltmek, olara dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim we terbiýe bermek maksady bilen 1-nji synpa okuwa gelen  çagalara Hormatly Prezidentimiziň sowgady bolan öwrediji kompýuterler gowşurylýar.

Zehinli okuwçylary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän “Altyn asyryň altyn zehinleri”  atly ders we taslama bäsleşiklerinde hem welaýatyň mekdep okuwçylary üstünlikli orunlara mynasyp bolýarlar.  Ders we taslama bäsleşikleriniň döwlet tapgyrynda welaýatyň mekdep okuwçylaryndan 15 sanysy baýrakly orunlary eýeledi.   Welaýatyň mekdep okuwçylary halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere hem işjeň gatnaşyp, 1 sany altyn medala, 2 sany kümüş medala, 2 sany bürünç medala mynasyp boldular. Halkara internet bäsleşiginde 728 sany orna eýe boldy.

Welaýatyň bilim işgärleri halkara iş tejribesini öwrenmek maksady bilen Russiýa Federasiýasynda, Gazagystan Resbublikasynda, Hytaý Respublikasynda, Ýaponiýa döwletinde we Italiýa döwletinde boldular.