loading

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy barada maglumat

Hazaryň türkmen böleginde sagaldyş-dynç alyş we ekologiki syýahatçylygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar.

 

Tebigatyň özi bu künjek hakynda alada edip, mylaýym howa şertleri, minerally, palçyk çeşmeleri we köp kilometre uzalyp gidýän altyn öwüşginli-çägesöw plažlary, gözelligi boýunça täsin deňiz peýzažlary, Hazar döwlet goraghanasynyň biologik köpdürliligi bilen tapawutlanýan suw-batgalyk ýerlerdäki “guşlaryň bazary” bilen eçilipdir.

 

2007-nji ýylyň iýun aýynda geçirilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň tanyşdyrylyş dabarasy, dünýä möçberinde uly waka bolmak bilen çäklenmän, eýsem ol dynç alyş we syýahçylyk industriýasyna gelýän daşary ýurt maýa goýumynyň güýçli akymynyň hasabyna ýurdumyzyň ägirt uly tebigy we ykdysady kuwwatyny ösdürmek boýunça täzeçe çemeleşmäniň hasaplanyş nokadyna öwrüldi. Onuň esasy maksady — Türkmenistanyň durmuş syýasatynyň  nukdaýnazardan şeýle wajyp taslamany ähli taraplaýyn durmuşa geçirip, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýşy üçin zerur bolan şertler bilen  ählibabatda doly üpjün etmek bolup durýar.

 

Köp ýurtlaryň we şäherleriň tejribeleri erkin ykdysady syýahatçylyk zolaklaryň halklary ýakynlaşdyrýandygyny, daşary ýurt maýa goýumlarynyň akymyna ýardam etýändigini, umumylykda ýurdumyzyň güýçli depginde gülläp ösmegine itergi berýändigini görkezýär.

 

Şeýle-de, bu sebitde ulag kommunikasiýasynyň: deňiz portunyň, howa menziliniň, awtoulag hem-de demir ýollarynyň barlygy örän ähmiýetli bolup durýar.

 

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ösdürilmegi bilen daşary ýurtly myhmanlaryň beýleki dynç alyş merkezleri, esasanam Türkmenistanyň çäginden daşarda meşhur bolan mineral çeşmeli hem-de sagaldyş palçykly sagaldyş merkezleri bilen gyzyklanmasy has-da artýar.

 

Bu taslamany durmuşa geçirmek üçin umumy meýdany 5 000 ga bolan ýer bölegi, şeýle-de 3,4 mlrd Amerikan dollary$ möçberinde serişde goýberildi.

2007-nji ýylyň ahyrlarynda syýahatçylyk zolagynyň ilkinji gurluşyklaryna başlanyldy.

 

Häzirki wagtda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda bir wagtyň özünde dynç alýanlaryň 10 117-sini kabul edip bilýän 18 sany myhmanhana, 8 sany dynç alyş we sagaldyş merkezlerim, şol sanda 1 380 orunlyk çagalar üçin lagerler hem-de 9 sany kottejler toplumlary hereket edýär.

Dynç alyjylaryň hyzmatynda 4 sany seýilgäh bolup, olardan          2 sanysy oýun otraksionly seýilgählerdir.

 

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda döredilen umumy meýdany 83600 m2 bolan, teatrlaşdyrylan intraktiw deňiz suw çüwdürümlerini, amfiteatry, çagalar üçin attraksionly oýun meýdançalary, birnäçe kafeler, gök zolaklar, tehniki desgalary öz içine alýan seýilgäh bu ýere dynç almaga gelýän syýahatçylarynyň    hem-de şäheriň ilatynyň iň söýülýän ýerine öwrüldi.

 

Gury ýerdäki we deňiz suw çüwdürümler toplumyny öz içine alýan seýilgäh toplumyndaky häzirki zaman ýokary tehnologiýa esasynda sazlaşykly gurlan beýikligi 40-dan 100 metre çenli bolan suw çüwdürümleri öz aýratyn özboluşlygy bilen tapawutlanýar.

 

Deňiz kenaryndan 85 metr daşlykda ýerleşýän boýy 24 metr, ini 60 metr bolan suw çüwdürimleriniň ýüzündäki ekranda dürli görnüşli golografik şekiller we tans edýän sudurlar görünýär we olar seýilgähde goýberilýän saz sesi bilen utgaşykly hereket edip yzygiderli çalyşyp durýar. Deňiz suw çüwdürümlerinden ybarat bolan ekranda görünýän golografik şekilleriň boýy 20 metre ýetip, şekilleri hakyky ýaly edip görkezýär.

Seýilgähdäki goýberilýän saz bilen sazlaşykly gury ýerdäki kiçi suw çüwdürümleri hem dürli görnüşli tans hereketlerini ýerine ýetirip, gözellige has-da görk goşýar.

 

Deňze tarap gurnalan ýodajyk arkaly 50 metr aralygy geçip, iki tarapa uzalyp gidýän her tarapynyň uzynlygy 34 metr bolan ýodajykdaky gözegçilik meýdançasyndan gündiz Hazar deňziniň gözelligini, agşamlyk bolsa ýakyn aralykdaky deňiz suw çüwdürümleriniň hereketlerini synlamak bolýar.

Deňziň kenarynda gurlan 2400 orunlyk amfiteatrda deňiz suw çüwdürümlerindäki jadylaýjy golografiki şekilleri synlamak tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrýar.

 

2018-nji ýylyň 21-nji iýulynda umumy meýdany 30 ga bolan akwapark ulanşa berildi. Akwapark munuň özi uly toplum bolup, onuň düzüminde suw attraksionlary bilen bilelikde dürli ýaşdaky dynç alyjylaryň we syýahatçylaryň ýokary isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen gurlan beýleki desgalar hem girýär.

Bu ajaýyp desga gyşky we tomusky akwaparky, söwda merkezini, harytlaň giň görnüşlerini hödürleýän onlarça dükanlary, supermarketi, 30-a golaý kafeleri we restoranlary, 1640 orunlyk amfiteatry, myhmanhanany, şeýle-de emeli daglary, kölleri, suw şaglawuklaryny, dag çeşmejiklerini – uly başdan geçirmeler mekanyny öz içine alýar.

 

Ulanyşa berlen birnäçe ýokary derejeli myhmanhanalardan başga-da durmuş maksatly wajyp desgalaryň taslamalary durmuşa geçirildi.

Awaza syýahatçylygyň göwher gaşyna öwürilmeli, şundan belli bolşy ýaly ulag hyzmatlarynyň derejesi örän ýokary bolmalydygy öz-öünden düşniklidir. Türkmenbaşy şäherinde gurlan halkara derejesinde 1 gije-gündizde 800 ýolagçyny geçirmeklige niýetlenen täze howa menzili Ýewropany Orta we Orta-gündogar Aziýany arabaglaşdyrýan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň howa derwezesi bolup durýar. Ýolagçylar uçardan howa menziliniň binasyna we yzyna teleskopik trap-geçelge arkaly geçýärler.

 

Howa menziliniň halkara derejesini häzirki zaman inžener-tehniki enjamlar hem-de täze uçuş-gonuş zolagy üpjün edýär we häzirki zaman ölçegleri esasynda oňa ähli görnüşdäki howa ulaglaryna hyzmat etmek mümkinçiligini berýär.

Häzirki zaman tehnologiýalary bilen doly üpjün edilen täze halkara howa menzili “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň mundan beýläk ösmeginde öz goşandyny goşýar.

 

Uzynlygy 22 km bolan ýokary derejeli awtoulag ýoly Halkara howa menzilini Awaza bilen baglaşdyrýar. Golaýda estakada köprüleri we aýrybaglanyşykly ýollar ulanyşa berildi.

Soňky ýyllarda syýahatçylyk zolagynda uly özgerişler bolup geçdi. Awazanyň içinde awtoulag ýollary uzalyp gidýär, milli nagyşlar bilen bezelen häzirki zaman awtoduralgalar, birsydyrgyn owadan yşyklandyryş sütüleri (swetilnikler we fonarlar) we ýanýodalar gurlan.

 

Uzynlygy 7 km, ini 50 –den 70 metre we çuňlugy 4 metre ýetýän, özüniň derýa gämileri bolan gurlan we häzirki wagtda hereket edýän Awaza derýasy syýahatçylyk zolagynyň iň bir iri we özboluşly desgalarynyň biri boldy.

 

Derýanyň abadanlaşdyrylan iki kenarynda 28 sany jemgyýetçilik iýmit obýektleri (bufetler, kafeler, gämi duralgasy bolan açyk görnüşli restoranlar) ýerleşýär. Derýada kiçi göwrümli gämiler we gezelenç katerleri hereket edýär. Derýanyň üstünde gurnalan köp ajaýyp köprüleriň her biri özüniň özboluşly bezeg nagyşlary bilen tapawutlanýarlar. Şeýle-de, 70-den gowurak dürli görnüşli desgalar, ýagny sport desgalar toplumyna girýän tennis meýdançalary, basketbol, woleýbol we mini futbol üçin meýdançalar guruldy. Olaryň hemmesi derýanyň uzaboýunda gurlan. Bu ýerde suw sport ýaryşlaryny geçirmek üçin ähli şertler göz öňünde tutulan. Derýanyň iki kenarýakasynda pyýadalar we welosiped sürüjiler üçin ýodalar geçirilen. Dynç alyjylar üçin gyzykly gezelençler- derýa boýunça gämide gezelenç hödür edilýär.

 

Kuwwatly gaz turbinaly elektrik stansiýa we deňiz suwuny süýjediji desga inžener-tehniki infrastrukturasynyň üstüne ýetirip, halkara deňiz dynç alyş zolagynyň işini üpjün edýär. Kuwwaty 254 MWt bolan häzirki zaman elektrostansiýa, Awazany yzygiderli elektroenergiýa bilen üpjün edip, ýurduň ýeke-täk energo ulgamyna girýär.

35000 m3 deňiz suwuny süýjediji desgasy gije-gündizde syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalary hem-de gök zolaklary suw bilen üpjün edýär. Deňiz suwuny süýjediji desgasy kenar ýakada gurlup, täze döwrebap tehniki enjamlary we beýleki ähli zerur bolan inženerçilik tehnikasy bilen üpjün edilen.

 

Şeýle-de, syýahatçylyk zolagynyň ähli zolaklaryny suwarmak maksatly arassalanan lagym suwlaryny ýygnamak üçin göwrümi         3 mln. m3 bolan suw howdany işe girizildi.

Syýahatçylyk zolagynyň aglaba bölegini dynç alyş seýilgähleri we seýilbaglar tutýar. Has amatly howa şertlerini döretmek maksady bilen, gelejekde seýilgäh zolaklaryny giňeltmek we ösdürmek boýunça işler alnyp barylýar. Bu ýerde dünýäniň ähli künjeginiň botaniki baglaryndan getirilen üýtgeşik ösümlikler ýygnalyp, suw çüwdürimli seýilgähler dürlüligi hem-de gözelligi bilen myhmanlary begendirýär. Seýilgähli zolaklary gülleýän baglyga öwürmek boýunça gündelik işler alnyp barylýar.

 

Mundan başga-da, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy halkara biznes forumlaryň, konferensiýalaryň, duşuşyklaryň, halkara festiwallaryň, bäsleşikleriň, konsertleriň, sport çäreleriniň geçirilýän ýerlerine öwrüldi. Syýahatçylyk zolagynda döwrebap sport merkezli Kongressler merkezi ulanyşa berildi we onda halkara forumlar, duşuşyklar ýokary derejede guramaçylykly geçirilýär.

Bulardan başga-da, dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport toplumy ulanyşa berildi.

 

Bu ýerde her bir adam, dynç alyşy ähli taraplaýyn, ýagny saglygy dikeltmek bilen utgaşdyryp bilýär, şeýle-de deňizde hem-de gury ýerde islegine görä wagtyny ýakymly geçirip bilýär. Ýahtalar, gaýyklar, katerler, katamaranlar, suw paraşýutlary – bu dynç alýanlar üçin hödürlenýän hyzmatlaryň diňe bir bölegi. Sport toplumlary, tennis meýdançalary, suw howuzlary, atlaryň üstünde gezelenç, attraksionlar, diskoklublar, ajaýyp restoranlar, mini kafeler — bularyň hemmesi mawy deňiz, gülleýän ýaýla hem-de depeler bilen bilelikde utgaşyp, aýratyn bir özboluşlulygy gözelligi döredýär.

Däp bolan myhmansöýüjilik hem-de hyzmatyň ýokary derejesi, ajaýyp howa şertleri, amatly ekologik şertler, arassa deňiz suwy Awazanyň özboluşlylygyny aýratyn belläp geçýär.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Awazanyň geljegi barada aýdyp, bu taslamanyň dünýäniň ösen, öňdebaryjy binagärlik hem-de inžener-tehniki pikirleri jemlär diýip belläp geçýär. Innowasiýanyň öňdebaryjy pikirleriniň we özara peýdaly hyzmatdaşlyk merkezi bolan bu ählitaraplaýyn haýranagaldyryjy taslamany ösdürmek üçin uly mümkinçilikler döreýär.

Awazanyň infrastrukturasy göz öňünde ösýär we özgerýär. Häzirki wagtda, ýurdumyzda alnyp barylýan ägirt uly gurluşyklaryň içinde Awazany iň bir gyzgalaňly gurluşyk nokady diýip hasap etse bolar.

 

Syýahatçylyk zolagynyň özüne çekijiligini has-da artdyrmak boýunça geçirilýän bu ähli çäreler syýahatçylaryň artmagyna we birnäçe gezek bu ýerde dynç almaklaryna ýardam edýär. Bu bolsa Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky uly göwrümli taslamanyň ykdysady we durmuş taýdan bähbitlidigini görkezýär.

Syýahatçylyk industriýasynyňuly merkeziniň şekilini alýan, şu wagtky uly göwrümli gurluşyklaryň ýerinde öň kiçeňräk dynç alyş gurluşyklary bolan boş ýeriň uzalyp ýatandygyny göz öňüne getirmek örän kyn. Bolup geçen özgermeler Türkmenistanyň diňe bir ykdysady taýdan güýçli depginde ösýändiginiň subutnamasy bolman, eýsem halkara derejesinde daşary ýurtlar tarapyndan ygtybarly synagdan geçen hyzmatdaş hökmünde ykrar edilendigini aýdyň görkezýär.

 

Syýahatçylyk industriýasynyň döredilmegi we olaryň hereketi durmuş meselelerini çözmekde, goşmaça iş orunlarynyň döredilmeginde, ykdysady taýdan işjeň ilatyň iş bilen meşgul bolmagyny ösdürilmeginde we sebitdäki halkyň hal ýagdaýynyň ýokarlanmagynda uly rol oýnaýar. Häzirki wagtda, syýahatçylyk ykdysadyýetiň bir wajyp ugry bolmak bilen Türkmenistanyň        durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde ýardam ediji bolup çykyş edýär.