loading

“Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçyklyk gaznasynyň müdirýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 4-11-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň arasynda “Parahatçylyk çagalaryň sesi” ady bilen yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Döredijilik bäsleşiginiň esasy maksady Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesli watançylyk, parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda hem-de milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemekden, ýurdumyzyň ýaşlarynyň tebigy zehinlerini ýüze çykarmak we olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmekden ýaşlaryň arasynda parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk medeniýetini giňden wagyz etmekden, çagalaryň Garaşsyz  hemişelik Bitarap Watanymyza bolan egsilmez buýsançlaryny aýan etmekden ybaratdyr. Bäsleşige gatnaşýan okuwçylar Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ösüşi, parahatçylyksöýüjilik ýörelgeler, döwletimizde  durmuşa geçirilýän  beýik özgertmeler we ýetilen sepgetler, mukaddes Garaşsyzlygymyz (maket görnüşi) , “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany”  ýyly, ýaşlaryň bagtyýar durmuşy, bagtyýarlyk döwrümiziň çeper keşbi wasp edilmeli.  Döredijilik bäsleşigine hödürlenýän “Dünýä dursun parahat!” diýen temada düzme ýazmak  şertleri boýunça mekdep okuwçylar bäsleşdiler. Gyzgalaňly geçirilen bäsleşigiň şertlerine laýyklykda “Dünýä dursun parahat!” diýen temada düzme ýazmak boýunça 1-nji orna Balkanabat şäheriniň Magtymguly adyndaky daşary ýurt dillerine çuňlaşdyryp öwredýän umumybilim berýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy Gurbangözel Ataýewa, 2-nji orna Magtymguly etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy Tawus Mämmedowa,      3-nji orna Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Baýy Hojamyradow ýeňiji boldular. Bäsleşigi parahatçylygy wasp etmekde maket ýasamak boýunça 1-nji orna Balkanabat şäheriniň Magtymguly adyndaky daşary ýurt dillerine çuňlaşdyryp öwredýän umumybilim berýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Käbe Nurmämmedowa, 2-nji orna Magtymguly etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Ogulaý Annaýewa, 3-nji orna Hazar şäheriniň 3-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçylary Ýolamanow Ýolamanwe Gurbannyýazowa Aýlin dagylar ýeňiji bolmany başardylar. Döredijilik bäsleşiginiň surat eserleri çekmek boýunça 1-nji orna Balkanabat şäherindäki 11-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Arslan Rzakow, 2-nji ornaSerdar etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy  Yhlas Allaberdiýe , 3-nji orna bolsa Balkanabar şäherindäki 1-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Aýjahan Akmyradowa ýeňiji bolmany başardylar. Ýeňiji bolan okuwçylara TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan hormat hatlar we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Habarlar