loading

Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýat kitaphanasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň welaýat bölüminiň bilelikde guramaklarynda geçirilen dabaraly maslahat «Parahat Diýarymyzyň göwher gaşy zenanlar» diýlip atlandyryldy.

Maslahatda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine ata Watanymyz zenanlaryň goşýan goşantlary barada gürrüň edildi. Zenanlarymyza aýratyn hormat-sarpa goýýan eziz Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy. Ýerli şahyrlaryň okan goşgularynda Halkara zenanlar gününiň waspy öz beýanyny tapdy. Maslahatyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän ajaýyp eserlerinden guralan kitap sergisine syn edildi.

Habarlar