loading

«Batly gadam» hususy kärhanasy bereketli topragymyzda ýetişdirilýän pagta hasylyny senagat taýdan gaýtadan işlemekde uly tejribe toplaýan kärhanalaryň biridir. Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan kärhanada öndürilýän nah ýüplüge hem-de jorap önümlerine sarp edijileriň arasynda islegler durnukly artýar. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň uludan toýlanýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň geçen bäş aýynda kärhanada öndürilen nah ýüplükleriň umumy möçberi 1 müň 976 tonna boldy. Munuň özi tutuş ýylyň dowamynda öndürilmegi meýilleşdirilýän ýüplügiň 28 göterimine deňdir. Ýokary hilli ýüplükleriň agramly bölegi, ýagny 1 müň 753 tonnasy Türkiýe, Russiýa, Eýran hem-de Polşa ýaly döwletlere eksport edildi.          Hususy kärhanada türkmen pagtasyndan taýýarlanylýan jorap önümlerine hem sarp edijiler uly isleg bildirýärler. Ýylyň başyndan bäri 12 million 422 müň 531 jübüt jorap önümleriniň içerki bazarlarda ýerleşdirilmegi muňa anyk mysaldyr. Kärhanada bolsa şunuň ýaly ýokary hilli jorap önümleriniň ýylda 18 million jübüdini öndürmek üçin ähli mümkinçilikler bar.

Habarlar