loading

Golaýda «Türkmennebit» döwlet konserniniň hajatlary üçin Balkanabat şäherinde nasos-kompressor turbalaryny abatlamak boýunça bölümçe açyldy. «Tatneft» jemagat paýdarlar jemgyýeti birnäçe ýyldan bäri «Türkmennebit» döwlet konsernine guýulary düýpli abatlamak, olaryň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmat edip gelýär. Onuň döwlet konserniniň guýularynda geçiren geologiýa-tehnologiki çäreleri 300 müň tonnadan gowrak nebitiň goşmaça çykarylmagyna ýardam etdi. Guýulary abatlamakda bolşy ýaly, olaryň ulanylyşynda hem peýdalanylýan nasos-kompressor turbalaryň abatlanmagy maýa goýum çykdajylaryny azaltmaga, turbalaryň jebis däldigi sebäpli durmalary kemeltmegiň hasabyna guýularyňabatlanma döwrüniň arasyny uzaltmaga mümkinçilik berýär.

Habarlar