loading

Welaýat Polisiýa we Baş bilim müdirlikleriniň, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň, welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň, Balkanabat şäheriniň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň bilelikde guramaklarynda Balkanabat şäherindäki 21-nji orta mekdepde mekdep okuwçylarynyň arasynda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryş geçirildi. Gyzykly geçen bäsleşikde 21-nji orta mekdebiň okuwçylaryndan düzülen topar birinji, 1-nji orta mekdebiň tennisçileri ikinji, 23-nji orta mekdebiň okuwçylary üçünji orunlara mynasyp boldular.

Habarlar