loading

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebinde «Açyk gapylar» güni geçirildi. Oňa şu okuw ýylynda orta mekdebi tamamlaýan okuwçylary, edara-kärhanalaryň wekilleri, ene-atalar gatnaşdylar. Çärä gatnaşanlar bu okuw mekdebiniň mugallymlarynyň guran okuw sapaklaryna gatnaşyp, her bir hünär barada giňişleýin maglumat aldylar. Ýaşlar mekdebe okuwa girmek üçin talap edilýän resminamalar, okadylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-usulyýet, medeni-köpçülik işleri, okuw otaglary, talyplaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri baradaky maglumatlar bilen tanyşdyryldy. «Açyk gapylar» gününde dürli saz gurallarynyň, mekdebiň nakgaşçylyk sungaty bölüminiň talyplarynyň çeken suratlarynyň sergisi guraldy.

Habarlar