loading

Balkan welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramaklarynda Balkanabat şäherindäki 2-nji sport mekdebiniň agyr atletika boýunça geçirilen birinjiliginde degişli agram derejeleri boýunça oglanlaryň arasynda Çaryýar Amanhanow, Pirmämmet Gurtgeldiýew, Perhat Goşaýew, Musa Jumagulyýew dagy iň oňat görkezijiler bilen birinji orunlary eýelemekligi başardylar. Gyzlaryň arasynda bolsa Gülmira Ataýewa, Keýki Amannazarowa, Artykgül Batyrowa dagy degişli agram derejelerinde iň gowy netijeleri görkezdiler.

Gylyçlaşmak boýunça geçirilen welaýat merkezindäki 1-nji sport mekdebiniň birinjiligi hem gyzykly häsiýete eýe boldy. Ýaryşyň netijesi boýunça gylyçlaşmagyň rapira görnüşinde oglanlaryň arasynda Nazar Gurbanowa, gyzlaryň arasynda Çynara Goşungeldiýewa taý tapylmady. Şpagada bolsa oglanlardan Sergeý Torin, gyzlardan Leýli Satylowa ähli garşydaşlaryny ýeňmekligiň hötdesinden geldiler.

Habarlar