loading

Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi bilen Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň welaýat bölüminiň bilelikde guramaklarynda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli «Parahatlyk nurun saçyp, Nowruz geldi ülkäme» ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi. Dabarada çykyş edenler bu gadymy baýramyň gelip çykyşy, onda ýerine ýetirilýän milli däp-dessurlar, yrym-ynançlar barada gürrüň etdiler.                       Milli saz gurallary, gadymy gap-gaçlar, ösüp oturan ýaşajyk bugdaý maýsalary we ondan taýýarlanylan semeni tagamy, ussat suratkeşleriň ajaýyp eserleri, milli haly we haly önümleri bilen bezelen sergi çärä gatnaşanlara ýakymly pursatlary bagyş etdi.

Habarlar