loading

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramaklarynda hususy işewürleriň we talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda «Milli ykdysadyýetösüşleriň ýolunda» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Işjeň häsiýetde geçen çärede höwes bildirýän ýaşlary telekeçilige çekmek we halkara bazarlarynda bäsleşige  ukyply  ýokary  hilli  önümleri öndürmekde  hem-de  ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde  alnyp  barylýan işlerde telekeçileriň   öňünde durýan wezipeler barada gürrüň edildi. Döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi we şol gazna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagy mynasybetli buýsançly çykyşlara giň orun berildi.

Habarlar