loading

Balkan welaýat döwlet drama teatrynda Balkan welaýat medeniýet müdirligi bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň bilelikde guramaklarynda «Milli tansym, medeniýetim, mirasym, ysnyşdyrýar ýürekleriň binýadyn» ady bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli etrap, şäher medeniýet merkezleriniň tans toparlarynyň arasynda bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň birinji şertinde toparlar özleriniň goýan özboluşly hereketler bilen sazlaşykly milli tanslaryny, ikinji şertinde bolsa döwrebap öwüşginli tanslary ýerine ýetirdiler. Emin agzalarynyň gelen netijelerine görä, Serdar etrabynyň «Şelpeler» tans topary baş baýraga mynasyp görüldi. Türkmenbaşy etrabynyň «Kenar» tans topary birinji, Serdar şäheriniň «Perwana» hem-de Esenguly etrabynyň «Gök deňiz»  tans toparlary ikinji, Türkmenbaşy şäheriniň «Ýaşlyk» tans topary bilen Hazar şäheriniň «Güneş» tans topary üçünji orunlary eýelediler.

Habarlar