loading

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 17-nji iýunynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna bagyşlap, welaýatymyzyň we etraplaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda gallaçylaryň iş aladalary bilen ýakyndan tanyşmagy, olara beren maslahatlary we tabşyryklary balkanly gallaçylary has gaýratly işlemäge ruhlandyrdy. Olar 50 müň gektardan 80 müň tonna bugdaý almagy maksat edinip, işiň depginini barha ýokarlandyrýarlar. Galla oragynda kuwwatly kombaýnlaryň 162-si, ýük daşaýan awtoulaglaryň 810-sy bökdençsiz işledilýär. Ýörite tehniki hyzmat ediş toparlarynyň 26-synyň işi oňat ýola goýuldy. Galla kabul ediş bölümleriniň, barlamhanalaryň, ammarlardyr bassyrmalaryň irgözinden taýýarlanyp goýulmagy möwsümiň ýokary guramaçylykly geçmegine ýardam edýär. Galla oragyna gatnaşyjylar alada bilen gurşalýar. Medeniýet we sungat ussatlary günorta arakesmesinde gallaçylaryň arasynda bolup, olaryň armasyny ýetirip durýarlar. Kärendeçileriň, mehanizatorlaryň, awtoulag sürüjileriň arasynda yglan edilen bäsleşigiň wagtly-wagtynda jemi jemlenip, ýeňiji bolanlara sylaglar gowşurylýar. Gallaçylar özleri hakda edýän aladasy üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

Habarlar