loading

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki 35-nji «Humaý» çagalar bagynda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň şepagat uýalarynyň arasynda “Körpe nesliň saglygy — ýurdumyzyň baýlygy” atly bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi. Welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda  geçirilen bäsleşige gatnaşan şepagat uýalary döwrebap iş usullaryny, çaga ilkinji lukmançylyk kömeginiň berlişini, arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişine gözegçiligi we tagamnamanyň bellenen tertipde düzülişini görkezdiler. Netijede, 42-nji çagalar bagynyň şepagat uýasy Ogulsoltan Durdyýewa ýeňiji diýlip yglan edildi. Ol bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Habarlar