loading

Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň şepagat uýalarynyň arasynda “Körpe nesliň saglygy — ýurdumyzyň baýlygy” atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa gatnaşan şepagat uýalary ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimiziň ömrüni we jan saglygyny goramakda peýdalanýan döwrebap iş usullaryny, çaga ilkinji lukmançylyk kömeginiň berlişini, çagalarynyň irki kabul edilişini, arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişine gözegçiligi we tagamnamanyň bellenen tertipde düzülişini görkezdiler.

Netijede, 42-nji çagalar bakja-bagynyň şepagat uýasy Ogulsoltan Durdyýewa 1-nji orny eýeläp, welaýat Baş bilim müdirliginiň Hormat hatyna, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň sowgadyna mynasyp boldy.

Habarlar