loading

Serdar şäherindäki «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan körpeler wagtlaryny şatlykly geçirýärler. Çagalaryň arasynda dürli bäsleşikler, sport ýaryşlary, medeni çäreler yzygiderli guralýar. Golaýda geçirilen medeni-sport çäresi hem gyzykly geçdi. Çäräniň dowamynda aýdym-sazly çykyşlara, çeper okaýyşlara, milli tanslara giň orun berildi. Çagalar ýedi topara bölünip, sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşdiler. Olar el işlerini ýerine ýetirmek, surat çekmek boýunça guralan bäsleşiklerde hem öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Habarlar