loading

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Balkan welaýat bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa etrap-şäher tapgyrlarynda üstünlikli çykyş edip, tapawutlanan zenanlar gatnaşdylar. Zenanlary ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna has giňden çekmek maksady bilen guralan bäsleşikde oňa gatnaşyjylar berlen şertlere laýyklykda, dürli ugurlar boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşikde ýedi ugur boýunça ýeňijilier kesgitlenilip, olar bäsleşigiň  jemleyji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Habarlar