loading

Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen tassyklanan Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet  syýasatynyň  2021–2025-nji  ýyllar  üçin Döwlet Maksatnamasyna laýyklykda hem-de bedew bady bilen ösüşlere we özgerişlere barýan eziz diýarymyzyň ýaşlaryň kitap okamaklyga bolan höwesini, Watana bolan söýgüsini artdyrmak, kitaphana işinde kämil täze döwrebap usullary ornaşdyrmak, ýaşlara edilýän kitaphana hyzmatlarynyň medeniýetini kämilleşdirmek, kitaphana işinde täze sanly ulgamy ornaşdyrmak maksady bilen  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi, welaýat Baş bilim müdirligi, welaýat kitaphanasy bilen ylalaşylan düzgünnamasy esasynda “Kitap-ylymyň açarydyr” ady bilen orta mekdep okuwçylarynyň arasynda  döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşikde ýeňiji bolan okuwçylara  Balkan welaýat kitaphanasy tarapyndan hormat hatlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Habarlar