loading

Ogurjaly adasy Hazar deňziniň günorta-gündogar çäginde ýerleşýän iň uly adadyr. 1982-nji ýylda Ogurjaly adasyna Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň meýdanlaryndan 13 keýik getirilip goýberildi. Indi olaryň sany has köpeldi. Tebigy şertleriniň amatly bolmagy adada bir müňe çenli keýigi saklamaga mümkinçilik berýär. Ogurjaly adasy keýiklere iýmit bolup hyzmat edýän ösümlikleriň dürli görnüşlerine baýdyr. Bu ýerde has giňden ýaýran ýylgyn, gamyş, çyratan, selin, patlak, ýowşan, akbaş, çaýyr ýaly ösümlikleriň 65 görnüşi duş gelýär. Adanyň howasynyň hemişe çygly bolmagy we deňiz suwunyň arassa çägeden süzülip geçip, onuň süýji gatlagynyň ýaýramagy ösümlikleriň ýylyň bütin dowamynda oňat ösmegine, tiz gurap gitmezligine uly ýardam edýär. Keýikler deňiz suwunyň üstki süýjüleşen gatlagyny içip oňýarlar. Ogurjaly adasynda keýiklerden başga-da düwlenler, dürli görnüşli guşlar, suw ýylanlary, kirpiler we ownuk mör-möjekler ýaşaýarlar. Adanyň has oňaýly taraplarynyň biri-de bu ýerde ýyrtyjy haýwanlaryň ýoklugydyr. Munuň özi keýikleriň rahat ýaşamagy we köpelmegi üçin amatly şertleri döredýär.

Habarlar