loading

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem «Türkmenistan —parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 9-njy maýynda Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygynyň esasy çäreleri ýokary ruhubelentlige beslendi. Şol gün Balkanabat şäherindäki «Baky ot» ýadygärliginiň ýany köp adamly boldy. Ajaýyp zamananyň ýaşululary, kümüş saçly eneleri, ýaşlary we dürli kärde zähmet çekýän adamlar 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gurban bolanlary hatyralap,  ýadygärlige ter gül desselerini goýdular, olaryň asyrlar aşsa-da öçmejek  gahrymançylyklarynyň öňünde baş egdiler.

Soňra Balkanabat şäheriniň Söwda merkezinde berlen agzaçar sadakasynda Watan urşunda wepat bolan gerçekleriň hatyrasy tutuldy hem-de merdana halkymyzyň abadançylygy, ata Watanymyzyň parahatçylygy, Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegi dileg edildi.

Habarlar