loading

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli   Balkan welaýat medeniýet müdirligi bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramaklarynda welaýat döwlet drama teatrynda «Watan Bitaraplygy — parahatlyk gözbaşy» ady bilen höwesjeň ýaş kompozitorlaryň we estrada aýdymçylarynyň  arasynda bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde höwesjeň ýaşlar täze döreden aýdym-sazlaryny ýekelikde we köpçülikleýin ýerine ýetirmekde öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Emin agzalarynyň gelen netijelerine görä, Türkmenbaşy etrabynyň höwesjeň aýdymçylar topary baş baýraga mynasyp boldy. Magtymguly etrabynyň aýdymçylar topary birinji, Balkanabat şäherinden gatnaşan topar ikinji, Hazar şäherinden gelen topar üçünji orunlary eýelediler.

Habarlar