loading

Magtymguly etrabynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk senelerine bagyşlanyp, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat hem-de Magtymguly etrap birleşmeleriniň, etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramaklarynda aýdym-sazly çäre geçirildi. «Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy» ady bilen geçirilen çärede Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada giňişleýin gürrüň edildi.  Etrabyň sungat ussatlary we çeper höwesjeňleriniň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda, tanslarynda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen amala aşyrylýan beýik işleriň, mukaddes Garaşsyzlygyň, akyldar şahyrymyzyň, gözel tebigatymyzyň waspy ýetirildi.

Habarlar