loading

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşiniň we «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň bilelikde guramaklarynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Burnebitgazhyzmat» müdirliginiň tehniki wagyz ediş we durmuş maksatly hyzmatlar merkeziniň mejlisler zalynda geçirilen wagyz-nesihat çäresine harby we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri, edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärler hem-de ýaşlar gatnaşdylar. Çärede edilen çykyşlarda ýüze çykýan jenaýatçylykly hereketleriň öňüni almak, ýaşlaryň ahlak terbiýesi, işjeň raýat aň-düşünjesini kemala getirmek, öz hukuklaryna we borçlaryna dogry düşünýän ýaşlary terbiýelemek maksady bilen ýurdumyzda alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň edildi. Ýaşlara kanuny bähbitleri düşündirilip, Esasy Kanunymyzda jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy, adamy goramagyň, goldamagyň we oňa hyzmat etmegiň döwlet häkimiýet edaralarynyň esasy wezipeleridigi bellenildi.

Habarlar