loading

Döwletgeldi Hallarow Serdar etrabynyň «Goç» daýhan birleşiginde öňdebaryjy kärendeçileriň hatarynda tanalýar. Zähmetsöýer daýhan ýylyň-ýylyna kärendesine alan 20 gektar ýerinde bugdaýyň we pagtanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýär. Işine yhlasly kärendeçi 2019-njy ýylda 10 gektar ýerinden 42 tonna galla hasylyny almagy başardy.

Döwletgeldi geçen ýylda Hasyl toýy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandy.  Zähmetsöýer daýhanyň ýylboýy çeken zähmeti şu ýylyň galla möwsüminde hem ýerine düşdi. Kärendeçiniň galla meýdanynyň hasyly orlanda, onuň her  gektaryndan alan hasyly 36 sentnere deň boldy. Bu zähmet üstünligi edermen babadaýhanyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna mynasyp sowgadydyr.

Habarlar