loading

Şatlyk-şowhuny her bir öý-ojagy gurşap alýan Täze ýyly garşylamak dabarasy welaýatymyzda hem ýokary ruhubelentlige beslendi. Esasy dabaralar Balkanabat şäherindäki welaýat kitaphanasynyň öňünde oturdylan welaýatyň baş Täze ýyl arçasynyň ýanynda giňden ýaýbaňlandyryldy.

Älemgoşar öwüşgini bilen haýran galdyrýan baýramçylyk meýdançasynda şatlyga beslenen dabara il sylagly ýaşulular, mährem eneler, bagtyýar körpeler, medeniýet we sungat ussatlary, talyp ýaşlar agzybirlik bilen gatnaşdylar.

Baýramçylyk mynasybetli guralan teleköpri dabara gatnaşyjylara ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň hem-de paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň bagtyýar ýaşaýjylary bilen toý şatlygyny paýlaşmaga, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň adyna baýramçylyk gutlaglaryny beýan etmäge mümkinçilik berdi.

Hormatly Prezidentimiziň Täze ýyl Gutlagynyň ýörite ekranlar arkaly göni ýaýlymda tutuş halkymyza ýetirilmegi baýramçylyk dabarasynyň möhüm bölegine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň Täze ýyl Gutlagy welaýatymyzyň agzybir ýaşaýjylary tarapyndan ýokary ruhubelentlikde garşylandy. Şunuň ýaly dabaraly, şatlykly pursatlar bilen täze, 2021-nji — “Türkmenistan—parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly bosagadan ätledi.

Habarlar