loading

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyz mähriban Arkadagymyzyň atalyk aladasynyň netijesinde bagtly çagalaryň arzuw-islegleriniň hasyl bolýan, gülki sesleriniň belentden ýaňlanýan ýurduna öwrüldi. Çagalar baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýar.

Her ýylda 1-nji synp mekdep okuwçylaryna kompýuterleriň gowşurylmagy muňa aýdyň subutnamadyr. Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli orta mekdepleriň 1-nji synp okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan Täze ýyl sowgady hökmünde kompýuterleri gowşurmak dabaralary welaýatymyzda hem ýokary ruhubelentlige beslendi. Birinji synp mekdep okuwçylaryna öz ýurdumyzda öndürilen, ýokary hil ülňülerine gabat gelýän kompýuterleriň gowşurylmagy körpeleriň baýramçylyk şatlygyny artdyrdy.

Habarlar