loading

Bereket  çeper halyçylyk kärhanasynda Ogjan Orazmämmedowa işine ezber halyçylaryň hatarynda tanalýar. Ýigrimi ýyldan gowrak iş tejribesi ony zähmetde taplady. Şol ýyllaryň içinde  çeken yhlasly zähmeti üçin ençeme gezek gymmatbahaly sowgatlara mynasyp boldy. Şu ýylda bellenilen Türkmen halysynyň baýramy Ogjan Orazmämmedowanyň bolsa ýadynda hemişelik galdy.

— Maňa Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly adyň dakylmagy ujypsyzja zähmetime berlen ýokary bahadyr. Halyçylyk sungaty — täsin gözellik. Ony geljekki nesillere ýetirmek biziň paýymyza düşýär. Geljekde hem şägirtlerime nepis halylary dokamagyň inçe syrlary öwredip, halyçylyk sungatynyň ösmegine öz goşandymy goşaryn. Halyçy kärdeşlerim bilen ýene-de ajaýyp halylary dokarys.

Ýurdumyzda halyçylyk sungatynyň ösdürilmegi, halyçylar barada edýän aladasy üçin mähriban Arkadagymyza alkyş aýdýaryn — diýip, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bereket çeper halyçylyk kärhanasynyň önümhana halyçysy Ogjan Orazmämmedowa gürrüň berdi.

Habarlar