loading

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesiniň senagat zolagynda öz işini döwrebap ýola goýan kärhanalaryň biri-de «Demir ölçeg» hususy kärhanasydyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan kärhananyň köp ugurly elektrik enjamlaryny öndürýän we hyzmat merkezi bir gektardan gowrak meýdany tutup, onda jemi 40 adam zähmet çekýär. Bu ýerde edara binasy, önümçilik sehi,  elektrik enjamlaryny abatlaýyş-sazlaýyş sehi, ammar jaýy we işgärler üçin niýetlenen jaý bar. — Kärhananyň önümçilik sehinde Türkiýe we Fransiýa döwletleriniň DURMA we IUANEL enjamlary oturdylandyr. Demir gatlaklaryndan elektrik enjamlary üçin şitler we gutular öndürilýär. Abatlaýyş-sazlaýyş sehinde ýokary güýçli elektrohereketlendirijileriň we transformatorlaryň sarym hem-de abatlaýyş işleri ýerine ýetirilýär. Abatlanan enjamlar ýörite barlagdan geçirilip, sargyt edijilere tabşyrylýar — diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy Hakmyrat Babagylyjow gürrüň berdi.

Habarlar