loading

Welaýat häkimliginiň welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde geçiren aýdym-sazly dabarasy Halkara zenanlar gününe bagyşlanan ajaýyp çäreleriň üstüni ýetirdi. Baýramçylyk çäresinde giň gerim berlen gutlag çykyşlarynda Arkadag Prezidentimiziň öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ägirt uly tutumlar barada gürrüň edildi. Halkara zenanlar güni  mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakyndaky ilhalar çözgüdi üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdyldy.

Soňra welaýatymyzyň etrap-şäherlerinden gelen medeniýet we sungat ussatlary yzly-yzyna çykyş edip, baýramçylyk dabarasynyň şatlyk-şowhunyny artdyrdylar. «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň binasynda baýramçylyk mynasybetli  guralan amaly-haşam, el işleriniň, şeýle hem suratkeşleriň çeken suratlarynyň sergisi dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.

Habarlar