loading

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa telekeçiler, ýaşlar, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri gatnaşdylar. Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öz halal zähmetiň bilen baýamak üçin ähli şertleriň döredilendigini, ýurdumyzda korrupsiýa we parahorlyga garşy berk göreşiň alnyp barylýandygyny aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, “Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň we  Türkmenistanda korrupsiýa garşy göreşmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň bu ugurda aýgytly hem barlyşyksyz göreşiň alnyp barylýandygynyň subutnamasydygyny belläp geçdiler hem-de halal zähmetiň hözirini görmek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň başynyň dik, janynyň sag, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Habarlar