loading

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Balkan welaýatyndaky umumy bilim berýän orta mekdeplerde, mekdebe çenli çagalar edaralarynda zähmet çekýän bilim işgärleriniň arasynda geçirilen «Magtymguly Pyragy — ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly bäsleşigiň welaýat tapgyrynda bilim işgärleri ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini açyp görkezdiler. Bäsleşikde Serdar şäherindäki 10-njy orta mekdebiň mugallymy Sülgünjemal Hangeldiýewa birinji orna eýe bolup, welaýat Baş bilim müdirliginiň Diplomyna, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgadyna mynasyp boldy.

Habarlar